Ýük

Mugt ýük möçberi uçýan ugruňyza we synpyňyza bagly. Ýola çykmazdan öň öz ugruňyz boýunça möçberi barlaň — ol biziň ähli ugurlarymyzda birmeňzeş däl.

Mugt ýük möçberi — halkara uçuşlar

Halkara ugurlarda «orun» ýörelgesi ulanylýar: orunlaryň sany we her orunyň agramy hasaba alynýar, umumy agram däl.

Aşgabat ↔ Stambul · Frankfurt · Pekin · London · Deli

SynpMöçberi
Biznes2 orun, jemi 40 kg (her biri 20 kg), 5 kg el goşy bilen bilelikde
Ekonom1 orun, 32 kg, 5 kg el goşy bilen bilelikde

Käbir mahabat we wagtlaýyn nyrhlarda möçber azaldylan: el goşy bilen bilelikde 25 kg çenli 1 orun. Biletiňize degişli möçber bilet alnanda görkezilýär we şu tablisadan öňde durýar.

Mugt ýük möçberi — içerki uçuşlar

El goşy bilen bilelikde 20 kg. Orunlaryň sany çäklendirilmeýär, ýöne bir orun 32 kg-dan agyr we 100 × 50 × 50 sm-den uly bolmaly däl. Möçberden artyk bolan zat doly tölenýär.

El goşy

Şahsy zatlar — portfel, noutbuk sumkasy ýa-da el sumkasy — agramy 5 kg çenli we ölçegi 50 × 40 × 20 sm-den uly bolmadyk halatynda salona alnyp bilner. Bu agram mugt ýük möçberiňize girýär.

Şeýle hem agramy 3 kg çenli, ölçegi 40 × 30 × 15 sm-den uly bolmadyk bir Duty Free paketini alyp bilersiňiz.

Artykmaç ýük üçin töleg

Töleg her goşmaça orun üçin bellenýär we ugra görä tapawutlanýar.

UgurHer goşmaça orun üçin töleg
Aşgabat → Stambul · Frankfurt · Pekin · London · Deli280 TMT
Stambul · London · Deli → Aşgabat80 ABŞ dollary
Pekin → Aşgabat150 ABŞ dollary

Artykmaç ýük howa menziliniň kassasynda ýa-da awiakompaniýanyň edarasynda tölenýär. Size ýük kwitansiýasy berilýär; ony hasaba alyşda görkezip, mündüriş talonyny alýarsyňyz.

Uly göwrümli ýük

Ölçegi 50 × 50 × 100 sm-den uly orun agramyna garamazdan goşmaça tölenýär. Ölçenip hasaba alnandan soň howa menziliniň işgäri maglumatlary bellige alýar we sizi kassa ýa-da awiakompaniýanyň wekiline ugrukdyrýar.

Sport enjamlary, saz gurallary ýa-da adaty däl görnüşli hem-de döwlegen zatlar barada ýola çykmazdan öň bize ýüz tutuň — olaryň nähili daşaljakdygyny anyklaşdyrarys.

Alyp geçmek gadagan zatlar

Uçara, bortdaky adamlara ýa-da emläge howp salyp biljek zatlar ýüküňizde bolmaly däl:

  1. Ähli görnüşdäki ok atýan we sowuk ýaraglar
  2. Partlaýjy maddalar we olar bilen doldurylan zatlar, feýerwerkler we partladyjy zarýadlar
  3. Gysylan we suwuklandyrylan gazlar
  4. Ýangyjy suwuklyklar
  5. Ýangyjy gaty maddalar
  6. Zäherler we zäherli maddalar

Gadagan edilen howply maddalaryň doly sanawy howa arkaly howply ýükleri daşamak kadalarynda görkezilen. Goşmaça maglumat üçin maglumat býurosyna ýa-da Awiasiýa howpsuzlygy gullugyna ýüz tutuň.

El goşunda gadagan

Ýewropa Bileleşiginiň 2015/1998 Kadalarynyň 4-C goşundysyna laýyklykda salona aşakdakylary almak bolmaýar:

  • Ýaraglar, ok atýan ýaraglar we ok atýan enjamlar — şol sanda oýnawaç ýaraglar we nusgalar, howa hem CO2 ýaraglary, ok atýan ýaraglaryň bölekleri, arbaletler, signal we start tapançalary, garpun ýaraglary, sapan we katapultalar
  • Huşdan aýyrýan enjamlar — elektroşoklar we elektroşok taýaklary, göz ýaşardyjy gaz, tazerler, haýwanlara garşy we kislotaly sepijiler ýaly huşdan aýyrýan serişdeler, mallary huşdan aýyrýan enjamlar
  • Ýiti uçly ýa-da kesiji zatlar — buz döwüjiler we paltalar, ýiti tarapy 6 sm-den uzyn pyçaklar we gaýçylar, ülüşler, gurluşyk pyçaklary, palta, et çapýan pyçaklar, gylyçlar, söweş sungaty enjamlary
  • Iş gurallary — lomlar, buraw we byçgylar (şol sanda akkumulýatorly gurallar), gaz çyralary hem-de ýiti tarapy ýa-da sapy 6 sm-den uzyn islendik gural
  • Kütek zatlar — beýsbol we softbol taýaklary, gurzular, taýaklar
  • Partlaýjy we ýangyjy maddalar — ok-däriler, partladyjy kapsullar, detonatorlar we ot alýan çilimler, partlaýjy enjamlaryň nusgalary, minalar we granatalar, feýerwerkler we pirotehnika, tüsse çykaryjy patronlar, dinamit, ýarag däri we plastik partlaýjy maddalar

Tabşyrylýan ýükde gadagan

Ýewropa Bileleşiginiň 2015/1998 Kadalarynyň 5-B goşundysyna laýyklykda: ok-däriler, partladyjy kapsullar, detonatorlar we ot alýan çilimler, minalar, granatalar we beýleki harby partlaýjy serişdeler, feýerwerkler we pirotehnika, dinamit, ýarag däri we plastik partlaýjy maddalar.

Ýitirilen ýa-da zeper ýeten ýük

Ýüküňize zeper ýetendigini ýa-da içindäki zatlaryň ýetmezçiligini görseňiz, ýük alynýan zaldan çykmaň. Aşgabat halkara howa menziliniň gelýän ýolagçylar zalynyň birinji gatyndaky «Lost or damaged baggage» bölümine baryp, jogapkär işgäre ýüz tutuň — ol gerekli resminamany düzüp, mundan beýläkki tertibi düşündirer.

Eger resminamasyz zaldan çykan bolsaňyz, onuň berilmegi barada karary awiakompaniýanyň wekili çykarýar.

Ýügüňiz soňraky uçuş bilen gelse, ýük gözleg bölüminiň işgäri eltip bermegiň senesi we wagty barada size habar berer.

Ýitirilen we alynmadyk ýük
+993 12 23-20-35
Aşgabat howa menziliniň maglumat gullugy
+993 12 23-38-45, 23-38-47